Aýralykçy terror guramasy PKK hüjümlerini dowam etdirýär

Terror guramasy tarapyndan goýlan minanyň ýarylmagy sebäpli iki çaga ýaralandy

364999
Aýralykçy terror guramasy PKK hüjümlerini dowam etdirýär

Aýralykçy terror guramasy PKK zenan-çaga diýmezden hüjümlerini dowam etdirýär.
Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynda terror guramasy tarapyndan goýlan minanyň ýarylmagy sebäpli iki çaga ýaralandy.
Keselhanada bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy nygtalýar.
Welaýat häkimligi çagalaryň gyş pasly üçin Üzümkyran etrapçasyna odun toplamaga gidendiklerini we ol ýerde ýaralanandyklaryny habar berdi.
Beýleki tarapdan Şyrnak welaýatynyň Jizre etrabynda hem aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylar ýaraglar we roketalar bilen polis ulagyna hüjüm gurady.
Hüjümden soň howpsyzlyk güýçleri bilen terrorçylaryň arasynda çaknyşyk boldy.
Hüjümde terrorçylaryň atan roketasy Jizre döwlet keselhanasyna düşdi.
Hüjüm sebäpli keselhananyň gyssagly kömek bölümi wagtlaýyn ýapyldy.
Diýarbakyryň Silwan etrabynda dowam edýän operasiýalarda bolsa terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy öldürildi.
Şyrnakda terror guramasy PKK-a agza 1 adam, Gaziantepde bolsa DAEŞ-e agza 12 adam göz tussaglygyna alyndy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar