Çankaýa köşgünde howpsyzlyk maslahaty geçirildi

Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň ýolbaşçylygynda Çankaýa köşgünde howpsyzlyk geňeşi geçirildi

363600
Çankaýa köşgünde howpsyzlyk maslahaty geçirildi

Gün tertibiniň esasy maddasy terror bolan maslahatda aýralykçy terror guramasyna garşy operasiýalaryň gyş paslynda hem dowam etdiriljekdigi bellendi.
Malshatda 1-nji noýabrda geçirilen umumy saýlawlarda howpsyzlyk çäreleriniň alynmagy we döwlet howsyzlygynyň umumy ýagdaýy barada hem pikir alyşyldy.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly şol etapda görkezen tagallalary üçin Içeri işler müdürliginiň, Žandarma güýçleriniň we döwletiň beýleki edaralarynyň ýolbaşçylaryna sag bolsun aýtdy.
Maslahatda şeýle hem Siriýadaky soňky wakalar, terror guramasy DAEŞ-e garşy alynyp barylýan operasiýalar we hyzmatdaş güýçleri bilen guralýan operasiýalar hem ara alynyp maslahatlaşyldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar