Türkiýede ertir umumy saýlaw geçirler

Saýlawda 16 syýasy partiýa bilen garaşsyz 21 dalaşgär bäsleşer

405924
Türkiýede ertir umumy saýlaw geçirler

Saýlawda 54 million 49 müň 940 saýlawçy 175 müň 6 saýlaw merkezinde ses berer.
Saýlawda 16 syýasy partiýa bilen garaşsyz 21 dalaşgär bäsleşer
Saýlaw Türkiýäniň gündogar welaýatlarynda sagat 07-de başlar we 16.00-da tamamlanar, beýleki welaýatlarda bolsa sagat 08-de başlar we 17-de tamamlanar.
Daşary ýurtlardaky türk saýlawçylarynyň 54 ýurtda 113 wekilhanada beren sesleri uçarlar we diplomatik wekiller arkaly Türkiýä getirildi.
Daşary ýurtlardaky türk raýatlarynyň beren sesleri ertir beýleki sesler bilen birlikde sanalar.
Saýlawyň ilkinji netijeleri sagat 21-den soň beýan edilmäge başlanar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar