Şyrnakda 8 terroçy howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi

Şyrnak welaýatynda 2,5 ýylda 987 terrorçy howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi

360223
Şyrnakda 8 terroçy howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi

Gubernatorlyk tarapyndan berilen beýanatda terror guramasy PKK-a agza bolan 8 adamyň guramasyndan gaçyp Syrnakda howpsyzlyk güýçlerine boýun egendigi bellenýär.

Beýanatda boýun egen terrorçylar bilen baglanşyklay ähli işleriň kazyýet tarapyndan alynyp barylýandygy nygtalyp: “2013-nji ýylyň 21-nji martyndan 2015-nji ýylyň 28-nji oktýabryna çenli welaýatymyzda PKK/KCK terror guramalaryndan gaçan hopsyzlyk güýçlerine boýun egen adamlaryň sany 987 adama ýetdi” diýilýär.

Mardin welaýatynda bolsa terror guramasy PKK-a garşy guralan operasiýada 8 terrorçy saklandy.

Merkezdäki Artukulu etrabyndaky käbir ýerlere şol bir wagtda guralan operasiýada terror guramasyna agza 8 terrorçy saklandy.

Saklananlaryň Içeri işler müdürligindäki işleri dowam edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar