Akdogan PKK bilen baglanşykly beýanat berdi

Ýalçyn Akdogan terror guramanyň alan zarbalary sebäpli kamikaze hüjümine gönügendigini belledi

355393
Akdogan PKK bilen baglanşykly beýanat berdi

Wise-Premýer Ýalçyn Akdogan beren beýanatynda PKK terror guramasynyň özbaşdaklyk meýilnamasynyň puja çykandygyny we şol sebäpli kamikaze hüjümlere gönügendigini mälim etdi.
PKK-nyň azat edilen sebitler meýilnamasynyň hem başa barmadygyny nygtan Akdogan yzly-yzyna alan zarbalary sebäpli güýçden gaçan PKK terror guramasynyň diňe öz adamlaryna däl eýsem MLKP we beýleki terror guramalaryna hem kamikaze hüjümi guramaklaryny talap edendigini habar berdi.
PKK-nyň hüjümlerini bes etjekdigi baradaky habarlaryň dolulygyna ýalandygyny bellän Ýalçyn Akdogan beýleki tarapdan guramanyň adamlaryň arasynda biri-birine duşman toparlary döretmek isleýändigini mälim etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar