Dawutogly terror hüjümi bilen baglanşykly beýanat berdi

Türkiýäniň Premýer ministr Ahmet Dawutogly şenbe güni guralan terrorçylykly hüjüm bilen baglanşykly 10 adamyň tussag edilendigini mälim etdi

392816
Dawutogly terror hüjümi bilen baglanşykly beýanat berdi

Premýer ministr Dawutogly hususy kanallaryň birinde hüjüm bilen baglanşykly dowam etdirilýän derňew işi barada maglumat berdi.

Dawutogly jemgyýetçilik saýty bolan Twitterdäki ýazgylar sebäpli düýn 2 adamyň tussag edilendigini ýatladyp: “Ilki bilen DAEŞ faktoryna baglylykda, adaty şübhelenilýänlere baglylykda düýpli derňelýän gurama hökmünde aragatnaşyk toruny ýüze çykarmaga başladyk. Diňe bir kamikaze hüjümçileriniň şahsyýetleri däl, eýsem kim bilen hyzmatdaşlyk edendiklerini anykladyk. Ikinjiden bolsa Twitter hasaplarynyň üsti bilen anykladyk. Bu ýerde hem käbir netijeler alyndy. Şularyň esasynda ýene-de 10 adamy tussag etdik.”

Premýer ministr Ahmet Dawutogly terrorçylykly hüjüm bilen baglanşykly derňew işiň giňişleýin alynyp baryljakdygyny nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar