Baş ilçiler otly bekediniň öňüne gül desselerini goýdy

Baş ilçiler türk halky bilen arkalaşykly hereket edýändiklerini terrorçylykly hüjümleriň guralan ýerinde bir ýere jemlenişmek bilen görkezdi

391590
Baş ilçiler otly bekediniň öňüne gül desselerini goýdy

ÝB-ne agza 27 ýurduň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly baş ilçileri bilen wekilleri Ankarada guralan terrorçylykly hüjümde ýogalan 97 adamyň hormatyna otly bekediniň öňüne gyzyl gül desselerini goýdy.
Baş ilçiler we wekilleri türk halky bilen arkalaşykly hereket edýändiklerini terrorçylykly hüjümleriň guralan ýerinde bir ýere jemlenişmek bilen görkezdi.
ÝB-ne agza 27 ýurduň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly baş ilçileri mesele barasynda beren ýazmaça beýanatynda “Wakanyň başdan geçirlen ýerine birlikde barmak bilen hüjümde ýogalanlaryň hossarlarynyň we dostlarynyň gynanjy paýlaşyldy, terrorçylyga garşydyrys we Türkiýedäki parahatçylyk çagyryşyna goldaw berýäris. Terrorçylar parahatçylyk üçin bir ýere jemlenişmek we söz azatlygy hukugyny nyşana aldylar” diýildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar