Türkiýede 3 günlük milli ýas yglan edildi

Premýer ministr Dawutogly “şu gün arkalaşyk we jebislik güni” diýip belledi

352461
Türkiýede 3 günlük milli ýas yglan edildi

Ankarada guralan terrorçylykly hüjümde 86 adam ýogaldy, 28-i agyr 186 adam hem ýaralandy.
Waka sebäpli Türkiýede 3 günlük milli ýas yglan edildi.


Premýer ministr Ahmet Dawutogly hüjümiň Türkiýäniň bitewiligi bilen birlikde durnuklylygyna we demokratiýa garşy guralandygyny aýtdy.
“Zähmet parahatçylyk we demokratiýa mitingine gatnaşmak üçin Ankaranyň otly bekediniň öňünde jemlenşen uly toparyň arasynda ýerli wagt bilen sagat 10.04-de yzly yzyna 2 partlama boldy
Partlamada 62-si wakanyň bolan ýerinde 24-i bolsa keselhanada bolmak bilen jemi 86 adam ýogaldy.


Polis tarapyndan geçirlen ilkinji barlagda terrorçylykly hüjümde güýçlendirlen TNT partlaýjylarynyň ulanylandygy anyklandy.
Ýogalanlaryň arasynda bedenine bomba ýerleşdiren 2 adamyň jesediniň bardygy we 2 bombaçynyň şahsyýetleriniň anyklanylýandygy nygtaldy.
Waka sebäpli Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň ýolbaşçylyk etmeginde Ankarada howpsyzlyk maslahaty geçirildi.


6 sagada golaý dowam eden maslahata Wise-premýer Ýalçyn Akdogan, Içeri işler we saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçylary, Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan, Içeri işler müdüri Jelalettin Lekesiz we Ankaranyň gubernatory Mehmet Kylyçlar gatnaşdy.
Premýer ministr Dawutogly maslahatdan soň beren beýanatynda 3 günlük milli ýasyň yglan edilendigini aýtdy.


Dawutogly “DHKP-J bilen arbaglanşykly bombaçy Stambulda tussag edildi, başga bir bombaçy hem Ankarada esasan hem adalat işgärkerine hüjüm guramak üçin taýarlyk görýärkä tussag edildi. Bular bize uly terrorçylyky hüjüminiň Türkiýäni nyşana alandygyny görkezýär. Dürli terror guramalary şuňa meňzeş hüjümler bilen Türkiýedäki durnuklylyga we ýurdumyzyň demokratiýasyna hemle atmak isleýär” diýdi.


Premýer ministr Dawutogly “şu gün arkalaşyk we jebislik güni” diýip belledi “Bu garaňky günler geçer, demokratiýamyz baky ýaşar” diýip nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar