Partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 10 adam ýogaldy

Ýaralananlaryň Numune we Ibni Sina keselhanalarynda bejeriş astyna alynandygy bellenilýär

390846
Partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 10 adam ýogaldy

Ankarada otly bekediniň golaýyndaky köprüniň aşagynda partlama boldy.
Otly bekediniň golaýynda bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 10 adamyň ýogalandygy we köp sanly adamyň ýaralanandygy öňe sürülýär.
Ýaralananlaryň Numune we Ibni Sina keselhanalarynda bejeriş astyna alynandygy bellenilýär.
Ankaranyň Syhhiýe meýdanynda şu gün “Söweşe garşy parahatçylyk” temaly maslahatyň we ýörişiň guralmagy meýilleşdirilýärdi.
Ýörişe gatnaşjaklaryň otly bekedinde bir ýere jemlenişmegine garaşylýar.
Hüjümçiniň otly bekediniň golaýynda bedenindäki bombalary ýarandygy öňe sürülýär.
Taryhy otly bekedine hüjüm sebäpli uly zeper ýetirlendigi nygtalýar.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly wakadan soň Içeri işler ministri Selami Altynokdan we Saglygy goraýyş ministri Mehmet Müezzinoglyndan maglumat aldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar