Erdogan hüjümsebäpli Türkmenistana gurajak saparyny yza süýşürd

Ankaradaky terrorçylykly hüjümi guranlaryň gysga wagtda tapylmagy üçin tagala edilýär

352455
Erdogan hüjümsebäpli Türkmenistana gurajak saparyny yza süýşürd


Prezident R. T. Erdogan döwletiň ähli degişli guramalarynyň Ankaradaky terrorçylykly hüjümi guranlaryň gysga wagtda tapylmagy üçin tagala edýändigini aýtdy.


Erdogan “Jebisligimizi we bitewiligimizi, ýurdumyzyň asdalygyny nyşana alan hyýanatçylykly hüjümi berk ýazgarýaryn. Ozal dürli ýerlerde esgerlerimize, polisimize, sakçylarymyza, howpsyzlyk güýçlerimize we asuda ilata garşy guralan terrorçylykly hüjümler bilen şu gün paýtagt Ankaradaky otly bekediniň golaýynda asuda ilata garşy guralan terrorçylykly hüjümiň arasynda hiç hili tapawut ýkdyr. Kim we kimler tarapyndan guralandygyna we maksadyna garamazdan ähli terror guramasyna we terrorçylykly hüjümlere garşy birlikde tutanýerli tutum alyp barmalydyrys. Terror guramalary meselesinde iki ýüzli çemeleşýänler terrora goldaw berýär. Men her bir adamy jogapkärçilikli hereket etmäge, terroryň ýanynda däl eýsem garşysynda durmaga çagyrýaryn” diýdi.


Prezident R. T. Erdogan terrorçylykly hüjüm sebäpli 12-nji oktýabrda duşenbe güni Türkmenistana gurajak saparyny hem yza süýşürdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar