Döwlet ýolbaşçylary hüjüme berk garşylyk görkezýär

“Terror zeper ýetirip biler emma terroryň üstünlik gazanmak mümkinçiligi hiç ýok”

391085
Döwlet ýolbaşçylary hüjüme berk garşylyk görkezýär

Prezident R. T. Erdogan partlama sebäpli Stambuldaky ähli duşuşyklaryny bes etdi.
Prezident Erdogan waka barada beren beýanatynda “Hyýanatçylykly hüjümi nälätleýärin. Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara şypa dileýärin” diýdi.
Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy İsmet Ýylmaz hem partlama berk garşylyk görkezdi.
“Terror zeper ýetirip biler emma terroryň üstünlik gazanmak mümkinçiligi hiç ýok” diýip belledi.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly 3 gün saýlaw mitinglerini bes etdi we Ankarada howpsyzlyk maslahatyny geçirdi.
Maslahata Wise-premýer Akdogan, Içeri işler we Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçylary, Milli Howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan, İçeri işler müdüri Lekesiz we Ankaranyň gubernatory Kylyçlar gatnaşýar.
Jemhuriýet halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly hem partlama sebäpli duşuşyklaryny bes etdi.
Kylyçdarogly partiýalara terrora garşy berk tutum alyp barmak barada çagyryş berdi.
Halklaryň demokratik partiýasynyň egindeş baştutany Selahattin Demirtaş hem Stambuldaky duşuşyklaryny bes edip Ankara geldi.
Demirtaş mesele barasynda beren beýanatynda “Uly gyrgynçylyga sezewar bolduk. Wagşyçylykly hüjüm guraldy. Ýogalanlaryň sany diýseň köp” diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar