Boşadylan türk işçileri Ankara geldi

Işçiler we maşgalalary Prezident R. T. Erdogan tarapyndan kabul edildi

348328
Boşadylan türk işçileri Ankara geldi

Yrakda zamun alnandan 28 gün soň Türkiýäniň eden tagallasy netijesinde boşadylan 16 türk işçisi Ankara geldi.
Prezident R.T. Erdoganyň ugradan ANA uçary bilen Ankaranyň Esenboga howa menziline getirlen işçiler Wise-premýer Tugrul Türkeş, Saglygy goraýyş ministri Mehmet Müezzinogly we Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylandy.
Howa menzilinde hossarlary bilen didarlaşan işçiler we maşgalalary soň bolsa Prezident köşgünde Prezident R. T. Erdogan tarapyndan kabul edildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar