Wanda harby ulaga bombaly hüjüm guraldy

Hüjümde 13 esger ýaralandy

352717
Wanda harby ulaga bombaly hüjüm guraldy

Wanyň Başkale etrabynda terror guramasy PKK tarapyndan ozal ýola goýlan partlaýjy maddalaryň harby ulag geçip barýarka ýarylmagy sebäpli 13 esger ýaralandy.
Düýn gije sagat 23:30 töweregi Başkale-Hakkari gara ýolunyň ugrunda terrorçylar tarapyndan ýola goýlan partlaýjy maddalaryň harby ulag geçip barýarka uzakdan gönükdirilýän ulgam arkaly partladylandygy habar berildi.
Partlamanyň täsiri bilen sowutly ulagyň agdarylmagy sebäpli 13 esger ýaralandy.
Ýaralanan esgerler ilki Başkale döwlet keselhanasynda bejeriş astyna alyndy.
Ýaralanan esgerler soň bolsa dik uçarlar bilen Wanyň Ýüzünji ýyl uniwersitetiniň Dursun Odabaş medisina merkezinde getirildi we ol ýerde bejeriş alýar.
Terrorçylaryň tussag edilmegi üçin operasiýa başladyldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar