Germaniýanyň daşary işler ministriniň Türkiýe sapary

Germaniýanyň Daşary işler ministri Frank Walter Şitaýnmaýer resmi sapar bilen şu gün Türkiýä geler

351266
Germaniýanyň daşary işler ministriniň Türkiýe sapary

Saparyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry Ýewropadaky bosgun meselesi.
Prezident R.T.Erdogan tarapyndan kabul ediljek nemes ministri Daşary işler ministri Feridun Sinirliogly bilen duşuşar.
Duşuşykda bosgun meselesi bilen birlikde Türkiýe-Germaniýa gatnaşyklary, terrorçylyga garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyk bilen sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşylmagyna garaşylýar.
Frank Walter Şitaýnmaýer sapary barasynda beren beýanatynda Türkiýäniň bosgun meselesiniň seljerilmeginde möhüm ýurtdygyny we Siriýadaky içerki urşuň bes edilmegi taýdan hem aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy.
Nemes hökümetiniň Türkiýe bilen has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek isleýändigini nygtan Germaniýanyň daşary işler ministri bosgun meselesine iki ýurduň hyzmatdaşlyk etmeginde ýerlikli, ynsanperwer we durnukly çözgüdiň tapylyp bilinjekdigini nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar