Erdogan Al Suud bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Telefon söhbetdeşliginde ysraýylly esgerleriň Ak Aksa metjidine guran hüjümi seljerildi

388228
Erdogan  Al Suud bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan İýerusalymda başdan geçirlen wakalar barada Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz Al Suud bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Telefon söhbetdeşliginde ysraýylly esgerleriň Ak Aksa metjidine guran hüjümi seljerildi.
Prezident Erdogan Ysraýyl tarapyndan guralýan hüjümleriň düýn hem dowam etmeginiň aladalandyryjydygyny we hüjümlere garşy yslam dünýäsiniň başda durmagynda halkara jemgyýetçiliginiň herekete geçmelidigini belledi.
Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň bu meselede uly rol oýnamalydygyny aýdan Erdogan musulmanlaryň keramatly ýerlerine hüjüm edilmegine rugsat berilmejekdigini nygtady.
Saud Arabystanynyň Şasy Selman hem Prezident Erdoganyň garaýşyna goldaw berýändigini, Ak Aksa metijidine hüjüm edilmegine we musulmanlaryň keramatly ýerlerinden zor bilen çykarylmagyna rugsat berilmejekdigini nygtady.
Saud Arabystanynyň Şasy Selman meseläniň BMG-nyň gün tertibine alynmagy üçin işe girişendiklerini nygtady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar