Erdogan we Dawutogly ýehudileri täze ýyly bilen gutlady

Prezident R.T.Erdogan we Premýer ministr Ahmet Dawutogly täze ýyl hökmünde bilinýän “Roş Aşana” mynasybetli ýehudi raýatlarynyň baýramyny gutlady

349726
Erdogan we Dawutogly ýehudileri täze ýyly bilen gutlady

Prezident Erdogan çap eden ýüzlenmesinde: “Ýehudilik ynanjynyň esasy dini baýramçylyklaryndan biri bolan “Roş Aşana” ýehudi raýatlarymyza gutly bolsun. Tapawutlyklary baýlygymyz hökmünde kabul edýän, başlangyç adam hukuklaryna uly sarpa goýýan, ähli etniki we dini toparlaryň asyrlardan bäri parahatçylykly şertlerde agzybir ýaşamaklaryna şert döreden däbe eýerýän biz, ähli raýatlarymyzyň öz medeni, dini däp-dessurlaryny azat-erkin dowam etdirmeklerine buýsanýarys” diýdi.
Türkiýede tapawutly dinlere uýýanlaryň agzybirlikde ýaşaýan parahatçylykly şertleriniň İýerusalimde we sebitde-de hökümrowan kylynmagyny arzuw eden Prezident Erdogan: “Roş Aşana” baýramynyň öň ýanynda Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň Haramy Şerifde musulmanlaryň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümlerini berk ýazgaryp, dartgynlygyň möwjemegi bilen artan basyşa alada bildirýaris” diýdi.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly hem çap eden ýüzlenmesinde “Taryhda asyrlardan bäri her döwürde ýurdumyzyň ösüşine goşant goşan ýehudi raýatlarymyzyň “Roş Aşana” baýramyny gutlaýaryn, jan saglygyny, asudalyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar