Erdogan Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Erdogan Haremi Şerif metjidine ysraýylly esgerler tarapyndan guralan hüjümi ýazgardy

387542
Erdogan Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Ierusalymdaky Haremi Şerif metjidine ysraýylly esgerler tarapyndan guralan hüjümi ýazgardy.
Prezident Erdogana başdan geçirilýän soňky wakalara alada bildirýändiklerini we halkara jemgyýetçiliginiň meselä ünsli çemeleşmegi üçin Türkiýäniň tagalla etjekdigini aýtdy.
Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas hem Prezident R. T. Erdogana Palestina berýän goldawy sebäpli öz minnetdarlygyny bildirdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar