Dawutogly Baş ştabyň başlygyny kabul etdi

Dawutogly Daglyjada guralan terrorçylykly hüjüm barada maglumat aldy

375935
Dawutogly Baş ştabyň başlygyny kabul etdi

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Daglyjada guralan terrorçylykly hüjüm barada Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar bilen ilki telefon telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi soň bolsa Çankaýa köşgünde kabul etdi.
Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň goşun generaly Hulusi Akar bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi we terror guramasy PKK-a garşy guralýan operasiýalar barada maglumat alandygy nygtaldy.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly soň bolsa Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akary Çankaýa köşgünde kabul etdi.
Beýleki tarapdan Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly terrorçylykly hüjüm sebäpli Premýer ministr Dawutoglyndan duşuşyk talap etdi.
Talaby kabul eden Premýer ministr Ahmet Dawutogly şu gün Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly bilen duşuşar

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar