Dawutogly Yrakly türkmen ýaşlary kabul etdi

“Biz sizi asla ýalňyz goýmarys"

375143
Dawutogly Yrakly türkmen ýaşlary kabul etdi

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Ýakyn Gündogar Strategik ylmy barlag merkezi tarapyndan berlen Liderlik okuw seminaryna gatnaşan Yrakly türkmen ýaşlary kabul etdi.

Premýer ministr Dawutogly okuw seminary hakynda ýaşlardan maglumat aldy.

Yrakly türkmen ýigidiň “Biz ol ýerde diýseň ýalňyz, Ankara bizi ýalňyz goýma” diýmegi sebäpli Premýer ministr Dawutogly “Biz sizi asla ýalňyz goýmarys" diýip belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar