Tunjelidäki çaknyşykda ýaralanan zenan ýogaldy

Türkiýäniň Tunjeli welaýatynda terrorçylar bilen howpsyzlyk işgärleriniň arasynda bolan ýaragly çaknyşykda ýaralanan zenan ýogaldy

374895
Tunjelidäki çaknyşykda ýaralanan zenan ýogaldy

Tunjelide Polis bölümine PKK-ly terrorçylar tarapyndan hüjüm guraldy.

Terrorçylar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykda golaýdan geçip barýan zenan agyr ýaralandy.

32 ýaşyndaky zenany hassahanada lukmanlaryň hirurgik gatyşmaklygyna garamazdan halas edip bolmady.

Beýleki tarapdan bolsa Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynda ýoly ýapan terrorçylaryň ulaglaryň birine ot açmagy netijesinde 1 adam ýogaldy.

Howpsyzlyk güýçleri terrorçylaryň tussag edilmegi üçin sebitde operasiýa başlatdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar