Prezident Erdogan "CNN" ýaýlymyna beýanat berdi

R.T.Erdogan bikanun bosgun meselesi boýunça Amerikanyň “CNN” teleýaýlymyna möhüm beýanat berdi

342576
Prezident Erdogan "CNN" ýaýlymyna beýanat berdi

Ortaýer deňzinde başdan geçirilen adam pajyga barada garaýyşlaryny beýan eden Erdogan “Men dogursy ähli günbatar dünýäsini bu meselede günäli hasaplaýaryn” diýdi.
Erdogan Bodrumda bosgunlary alyp barýan gaýygyň batmagy netijesinde ýogalan siriýaly çaganyň suraty görüp, agyr pursatlary başdan geçirendigini aýtdy.
Fotosuraty maşgala agzalary bilen birlikde görendiklerini nygtan Erdogan, fotosuraty görüp özüne “Ynsanperwerlik nirede, adamzadyň wyždany nirede” diýip, sorandygyny aýtdy.
Erdogan 3 ýaşly çaga degişli fotosuratyň özlerini agladandygyny nygtady.
Prezident Erdogan “Kim günäkär” soragyna bolsa, “Men dogursy günbatar dünýäsini bu meselede günäli hasaplaýaryn” diýip jogap berdi.
Erdogan günbatary “Ortaýer deňizini gonamçylyga öwürmek bilen günäkärländigi” baradaky soraga bolsa “hakykatyň şeýledigini” aýtmak bilen jogap berdi.
Ortaýer deňizine kenary bolan ýurtlaryň bosgunlary kabul etmek islemeýändigini nygtan Erdogan, Siriýadan we Yrakdan Türkiýä gelenleriň sanynyň 2 milliondan geçendigine ünsi çekdi.
Gresiýa, İtaliýa, İspaniýa, Fransiýa we Wengriýa ýaly ýurtlaryň hem bosgunlary kabul edip biljekdigini, emma kabul etmeýändiklerini aýdan Preizdent Erdogan, edil şonuň ýaly Germaniýanyň hem bosgunlary kabul edip biljekdigini nygtady.
Erdogan nemes ministrlerinden biriniň türk ýolbaşçylarynyň ýurda kabul eden adamlaryndan käbirlerini saýlap Germaniýa alynyp gidilmegi baradaky teklibini hem tankyt etdi we “Bu nähili çemeleşme, oňa düşünmek mümkin däl” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar