Terrorçylyga garşy göreş tutanýerlilik bilen dowam eder

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň ilkinji maslahaty 5,5 sagat dowam etdi

373763
Terrorçylyga garşy göreş tutanýerlilik bilen dowam eder

Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Beştepedäki Prezident köşgünde geçirlen Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda terrorçylyga garşy göreş, saýlaw howpsyzlygy we Siriýa serhedinde howpsyz zolagyň döredilmegi meselesi seljerildi.
Saýlaw hökümetiniň gurulmagyndan soň geçirlen Milli Howpsyzlyk geňeşiniň ilkinji maslahaty 5,5 sagat dowam etdi.
Goşun generaly Hulusi Akar ilkinji gezek Baş ştabyň başlygy hökmünde maslahata gatnaşdy.
Maslahatdan soň berlen beýanatda aýralykçy terror guramasyna garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigi nygtaldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar