Saýlaw hökümeti belli boldy

Türkiýede 1-nji noýabrda geçiriljek parlament saýlawlaryna çenli ýurdy dolandyrjak saýlaw hökümetiniň agzalary belli boldy

371293
Saýlaw hökümeti belli boldy

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Prezident R.T. Erdogan tarapyndan Wagtlaýyn ministrler kabinetiniň agzalaryny tassyklandan soň, Çankaýa köşgünde beren beýanatynda: “Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan wagtlaýyn ministrler kabinetiniň agzalaryny size we beýik milletimize hödürleýärin” diýdi.
Wagtlaýyn hökümete 11 täze ministr bellenildi, 12 ministr öz ýerlerinde galdy, 1 ministriň bolsa ýeri üýtgedi.
Türkiýede 1-nji noýabrda geçiriljek saýlawlara çenli boljak wagtlaýyn hökümetde 4 Wise-premýeriň 3-si Adalat we ösüş partiýasynda 1-i bolsa Milletçi hereket partiýasyndan bolar. Adalat we ösüş partiýasyndan Ýalçyn Akdogan, Numan Kurtulmuş we Jewdet Ýylmaz, Milletçi hereket partiýasyndan bolsa Tugrul Türkeş Wise-premýer boldy.
Mehmet Şimşek Maliýe ministri, Nihat Zeýbekji Ykdysadyýet ministri, Nabi Awjy Bilim ministri, Mehmet Müezzinogly Saglygy goraýyş ministri, Fikri Yşyk Bilim, senagat we tehnologiýa ministri, Wejdi Gönül Goranmak ministri wezipelerinde galdylar.
Idris Güllüje Daşky gurşaw we şäherçilik ministri, Weýsel Erogly Tokaý hojalygy we suw işleri ministri we Çagataý Kylyç Ýaşlar we sport ministri wezipelerine ýaňadandan bellenildiler.
Üýtgedilen ministrler: Daşary işler ministrligine Feridun Sinirliogly, Gümrük we söwda ministrligine Jenap Aşçy, Energetika ministrligine Ali Ryza Alaboýun bellenildi.
Azyk, oba hojalyk we maldarçylyk ministri Kudbettin Arzu, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ýalçyn Topçu boldy.
Iş we sosial üpjünçilik ministrligine Ahmet Erdem bellenildi.
Ministrler kabinetiniň agzylygyna ilkinji gezek ýaglykly zenan bellenildi. Aýşe Gürjan Maşgala we sosial syýasatlar ministri wezipesine bellenildi.
7-nji iýunda geçirilen saýlawlarda öň wezipesinden çekilen Adalat ministri Bekir Bozdagyň ýerine Kenan Ipek bellenildi.
Aragatnaşyk, deňizçilik we transport ministri Feridun Bilgin bolsa öz wezipesinde galdy.
Içeri işler ministri hem üýgtedildi ministr wezipesine Selami Altynok bellenildi.
Iki ministr wezipesi bolsa Halklaryň demokratik partiýasyna berildi. Galkynyş ministri Müslüm Dogan, Ýewropa Bileleşigi ministri bolsa Ali Haýdar Konja boldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar