Saýlaw hökümetini gurmaklyk wezipesi Dawutoglyna berildi

Ahmet Dawutogly şu gün mesele bilen baglanşykly metbugat ýygnagyny geçirer

340482
Saýlaw hökümetini gurmaklyk wezipesi Dawutoglyna berildi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan saýlaw hökümetini gurmaklyk wezipesini Premýer ministr Ahmet Dawutoglyna berdi.

Ahmet Dawutogly şu gün mesele bilen baglanşykly metbugat ýygnagyny geçirer.

Prezident Erdogan düýn bolsa Mejlisiň başlygy Ismet Ýylmazy kabul etdi. Duşuşygyň ahyrynda saýlawlaryň ýaňadandan geçirilmegi barada karara gelindi.

Karar resmi gazetde çap edildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar