Türkiýe 1-nji noýabrda saýlaw geçirer

Saýlawyn wagty Prezident R.T.Erdogan tarapyndan yglan edildi

337139
Türkiýe 1-nji noýabrda saýlaw geçirer

Türkiýe 1-nji noýabrda saýlaw geçirer
Saýlawyn wagty Prezident R.T.Erdogan tarapyndan yglan edildi
Stambulda metbugat işgärleriniň gün tertibinin ileri tutulýan ugurlar bilen bağly soraglara jogap beren Erdogan, 7-nji iýundaky saýlawdan bäri geçen döwürde koalision hökümetiniň gurulyp bilinmändigini ýatladyp: Artykmaç wagt ýitirmek ýerlikli däl. Mejlisiň Başlygy İsmet Ýylmaz bilen maslahatlaşyp ýurtda ýaňadandan saýlaw geçirerin” diýdi.
Prezident Erdogan oppozisiýadaky Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdaroglyna hökümeti gurmaklyk jogapkärçiligini bermejekdigini hem nygtady.
Erdogan soňky hepdelerde möwjeýän terrorçylykly hüjümler baradaky soraga bolsa: “Şehitlerimiz gelýär, içimiz ýanýar. Elbetde bu tapgyrda bularyň bolup biljekdigini bilýäris. Bu işden alla ýol berse ýeňiş bilen çykarys we şehitlerimiziň gany ýerde galmaz. Bularyň ýeke-täk derdi ýurdy çykgynsyzlaşdyryp bölmek. Şonuň içinem halkymyz öz arasyndan terrorçylary saplamaga mejbur” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar