Terrora garşy göreş dowam edýär

Türk ýaragly güýçleri Diýarbakyr welaýatynyň Hani etrabynda ýoly kesen terror guramasy PKK degişli terrorçylara garşy geçirilen operasiýada ýene-de 2 esgeriň şehit bolandygyny beýan etdi

333731
Terrora garşy göreş dowam edýär

Diýarbakyr welaýatynyň Lije etrabynda-da terror guramasy PKK garşy geçirilen operasiýadan soň çaknyşyk boldy. Çaknyşykda 2 esger şehit boldy.
Terrorçylaryň uzyn nilli ýaraglar bilen hüjüm guramasy netijesinde bolan çaknyşykda ýaralanan 3 esger bolsa bejergi alýar.
Etrapda geçirilen operasiýalaryň çäginde sişenbe güni hem 1 esger şehit bolupdy, 3 esger ýaralanypdy.
Etrapda ýoly kesen, saklanan ulaglaryndaky adamlaryň resminamalaryny barlan, howpsyzlyk güýçlerine duzak gurýan terrorçylara garşy operasiýalar dowam edýär


Etiketkalar:

Degişli Habarlar