Erdogan: terrora garşy göreş egilşiksiz dowam eder

Prezident R.T.Erdogan döwlede we millede garşy atylan her bir gülläniň jezasynyň hökmany suratda beriljekdigini aýtdy

333390
Erdogan: terrora garşy göreş egilşiksiz dowam eder

Erdogan Baş ştabyň başlygy Nejdet Özeliň wezipesini Hulusi Akara tabşyran dabarasynda soňky hepdelerde möwjän terrorçylykly hüjümler barada durup geçdi.
Prezident Erdogan: “Arkalaryna alan güýçleri bilen Türkiýäniň bitewiligine, milledimiziň jebisligine, agzybirligine, doganlygyna hüjüm edenlere degişli gaýtawul görkezilýär we görkeziler. Döwlediň we millediň garşysyna atylan her bir gülläniň, her bir bombanyň, gazylan her bir çukuryň hasaby soralar, jezasy hökmany suratda beriler” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar