Baş Ştab geçirilen operasiýalar barada beýanat berdi

Baş Ştab terrorçylyga garşy göreşde alynyp barylýan operasiýalar barada giňişleýin beýanat berdi

324331
Baş Ştab geçirilen operasiýalar barada beýanat berdi

Beýenata görä Ygdyr welaýatynda Žandarma güýçleri bilen terrorçylaryň arasynda ýüze çykan ýaragly çaknyşykda 1 terrorçy öldürildi.
Beýanatda Ygdyr-Beýazit ýolunda 10 ulagyň terrorçylar tarapyndan saklanandygy we 1 ýük ulagyň ýakylandygy aýdylýar.
Hakkari-Çukurja ýolunda ýoly ýapmak islän terrorçylara howpsyzlyk güýçleri tarapyndan garşylyk görkezildi.
Mundan başgada Hakkari-Çukurja ýolunda tapylan partlaýjy bomba ýok edildi.
Partlaýjy bomba ýok edilýän wagty terrorçylar uzyn nilli ýaraglar bilen howpsyzlyk güýçlerine hüjüm guradylar.
Hüjüme garşylyk görkezilmegi netijesinde terrorçylar wakanyň bolan ýerinden gaçdylar.
Türkiýäniň Şyrnak, Hakkari we Bingöl welaýatlarynda terror guramasyna agza 20 terrorçy ýaragsyz we ok-därisiz howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar