Koalisiýa gepleşikleri dowam edýär

Şol çäkde Dawutogly bilen Kylyçdarogly ýaňadandan duşuşarlar

321907
Koalisiýa gepleşikleri dowam edýär

Hökümetiň gurluş tapgyrynda Premýer ministr Dawutogly bilen Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kylyçdarogly Premýer ministrligiň kabulhabnasynda 4,5 sagat dowam eden duşuşyk geçirdi
Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çelik duşuşykdan soň žurnalistlere beren beýanatynda: “Türkiýäni hökümetsiz goýmaýsyz jogapkärçiligi bilen iki lider giňişleýin pikir alyşdylar” diýdi.
Ylalaşylan we ylalaşylyp bilinmedik ugurlarda iki lideriň garaýyşlaryny beýan edendiklerini nygtan ministr Çelik, entek haýsydyr bir netijä barylmandygyny, penşenbe ýa-da anna güni taraplaryň ýaňadandan duşuşjakdygyny aýtdy.
Respublikan halk partiýasynyň başlygynyň orunbasary we partiýanyň metbugat geňeşçisi Haluk Koç bolsa partiýalarynyň Türkiýäni rahatlandyrjak syýasy ygtyýary ýüze çykarmagyň jogapkärçiligini ýerine ýetirmäge synanşýandyklaryny nygtap: “Maksadymyzyň oňyn, netijeli we şu günki günde başdan geçirilýän köp ugurly meseleleriň çözülmegine goşant goşjak koalisiýa, hökümet jogapkärçiliginiň emele gelişini ýeňilleşdirmekdigini aýtmak isleýärin” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar