Koalisiýa gepleşikleri duşenbe güni dowam etdiriler

Iki partiýanyň liderleriniň duşuşygyndan soň etabyň nähili ýagdaýda dowam etjekdigi belli bolar

317651
Koalisiýa gepleşikleri duşenbe güni dowam etdiriler

Täze hökümeti gurmak wezipesi berilen Ahmet Dawutogly Respublikan halk partiýasy bilen koalisiýa gepleşiklerini geçiren wekiliýetden işleriň barşy barada maglumat aldy.

Wekiliýete ýolbaşçylyk eden ýurduň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çelik Dawytoglynyň Respublikan halk partiýasynyň lideri Kemal Kylyçdarogly bilen buşenbe güni duşuşjakdygyny habar berdi.

Gepleşikleri açyk ýagdaýda amala aşyrmak üçin tagalla edýändiklerini nygatan Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çelik: “Ýurdumyz üçin iň gowysyny etmäge synanyşýarys” diýdi.

Iki partiýanyň liderleriniň duşuşygyndan soň etabyň nähili ýagdaýda dowam etjekdigi belli bolar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar