Dawutogly jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy

“Gezi” wakasynda Çözgüt etabyna iň uly zarba uruldy”

311692
Dawutogly jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Çankaýa köşgünde gündogar we günorta gündogar welaýatlaryndan glen Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.
Dawutogly duşuşykda sözlän sözünde çözgüt etaby we depgini güýçlenýän terrorçylykly hüjümler barada durup geçdi.
Dawutogly “Türkiýede doganlygyň, milli jebisligiň, agzybirligiň, umumy ykbal düşünjesiniň ösmegini islemeýänler meçew beriji aksiýalar bilen “Gezi” wakasynda daşky gurşaw meselesi ýaly başlan wakadan hyýanatçylykly peýdalanyp, uly jemgyýetçilik arnarhiýa öwürenlerinde, çözgüt etabyna iň uly zarba uruldy” diýdi.
Jemgyýetleriň umumy ykbal düşünjesi ýok edilen ýa-da ejizlän bolsa, her bir adam öz ykbalyny goňşusynyň ykbalyndan tapawutly pikirlenmäge başlan bolsa, onda asudalygyň, düzgün-nyzamyň galmajakdygyny nygtan Premýer ministr özleriniň Türkiýede ykballaryň birleşmegi ugrunda göreşýändigini, türk halkynyň asudalygam, haosam bilelikde ýaşajakdygyny aýtdy.
Premýer ministr Dawutogly sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Eger biz “men bärde” diýip, ör turan terror guramalaryna garşy “milledem, döwledem bärde” diýip, şol bir wagtda DAİŞ-e, PKK we DHKP-J ýaly terror guramalaryna garşy şäherlerde hem-de serhetaşa göreşmedik bolsadyk, şol terror guramalary hyzmatdaşlyk edip Türkiýede uly dartgynlyk, çykgynsyzlyk emele getirerdiler. Biz oýuny öňünden gördük” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar