Agry we Mardin welaýatlarynda esgerlere hüjüm guraldy

Agry welaýatynyň Dogubazyt etrabynda terror guramasy PKK tarapyndan žandarm bölümine partlaýyjy ýüklene traktor bilen guralan kamikaze hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä 2 esger şehit boldy, 24 esger ýaralandy

311402
Agry we Mardin welaýatlarynda esgerlere hüjüm guraldy

Hüjüm ir säher 03:00 töwereklerinde 2 tonna golaý partlaýyjy ýüklenen traktor bilen guraldy.
Mardin welaýatynyň Midýat etrabynda-da Kerkum-Ýumurtgalyp nebit turba geçirijisiniň howpsyzlygyny üpjün edýän esgerleriň ulagy geçip barýarka terror guramasy PKK tarapyndan ýola goýulan mina partlady.
Partlamada 1 esger şehit boldy, 7 esger ýaralandy.
Howpsyzlyk güýçleri hüjümi guranlaryň ele salynmagy üçin operasiýa başlatdy.
Beýleki tarapdan Mardin welaýatynyň guberniýasyndan berilen beýanatda “Hyýanatçylykly hüjümi guran terrorçylaryň ele salynmagy we halkymyzyň asudalygynyň hem-de howpsyzlygynyň üpjün edilmegi ugrundaky tagallalarymyzy üznüksiz dowam eder” diýilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar