Prezident Erdogan Hytaýda saparda bolýar

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Hytaýyň döwlet ýolbaşçysy Şi Sinpingiň çakylygyna laýyklykda Hytaý halk respublikasyna gitdi

306626
Prezident Erdogan Hytaýda saparda bolýar

Ilki bilen Halkyň gahrymanlary ýadygärligine baryp gül desselerini goýan Prezident Erdogan soňra bolsa ýurduň Premýer ministri Li Keçiang bilen duşuşdy.

Erdogan Premýer ministr bilen duşuşanyndan soň Milli halk kongresiniň başlygy Zhang Dejiang we Hytaýyň döwlet ýolbaşçysy Şi Sinping bilen hem duşuşdy.

Saparyň çäginde Pekinde Işewür adamlaryň forumynyň geçirilmegi we iki ýurduň arasynda baglaşylan käbir ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar