Kalyn: "Türkiýe terroryň ähli görnüşine garşy göreşmekde ygrarly

İbrahim Kalyn terror hüjümi barada beýanat berdi

346595
Kalyn: "Türkiýe terroryň ähli görnüşine garşy göreşmekde ygrarly

Prezidentiň diwanynyň metbugat geňeşçisi İbrahim Kalyn Türkiýäniň DAEŞ terroryny ýazgarmandygy we onuň agzalaryna garşy operasiýa geçirmändigi baradaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini aýtdy.
Türkiýäniň DAEŞ-i 2013-nji ýylyň oktýabr aýynda terror guramalarynyň sanawyna girizendigini ýatladan Kalyn, şoňa laýyklykda şu günki güne çenli gurama bilen arabaglanşygy anyklanan daşary ýurtly 1600 adamyň ýurtdan çykarylandygyny, 15 müňden gowrak adamyň bolsa Türkiýä gelmeginiň gadagan edilendigini nygtady.
İbrahim Kalyn Türkiýäniň DAEŞ bilen birlikde ähli terror guramalaryna garşydygyny, terroryň ähli görnüşine garşy göreşmekde ygrarlydygyny beýanat bermäge hajat duýulmazdan açykdygyny nygtap: “Muňa garamazdan PKK-nyň terrorçylykly aksiýalaryna garşy durmaýan, tersine ony gowy görkezmek we legallaşdyrmak üçin tagalla edenler hemmelere mälim” diýdi.
Prezidentiň diwamynyň metbugat geňeşçisi İbrahim Kalyn Suruç etrabyndaky terrorçylykly hüjüminiň Prezident R.T.Erdoganyň hem aýdyşy ýaly bütin Türkiýäni, ýurduň asudalygyna, parahatçylygyna we durnuklylygyna garşy guralandygyna ünsi çekdi.
Hüjümiň günäkärlerini tapmak, wakany aýdyňlaşdyrmak, ýaralanan raýatlary bejermek üçin döwletiň ähli guramalary bilen tagalla edýändigine ünsi çeken Kalyn, howpsyzlyk gulluklarynyň we kazyýet organlarynyň giň gerimli iş alyp barýandygyny nygtady.
İbrahim Kalyn: “Ähli hakykatlar ortada-ka käbir syýasatçylaryň syýasy bähbit üçin raýatlarymyza meçew bermäge synanşmagy, milletimizi gam-gussa bogan terror hüjümini duşmançylyk üçin pursat hökmünde görmekleri hakykatdan hem gynandyryjy waka” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar