Türkiýe düýn terrorçylykly hüjüme sezewar boldy

Şanlyurfanyň Suruç etrabynda bolan partlamada 32 adam ýoğaldy, 104 adam ýaralandy

383164
Türkiýe düýn terrorçylykly hüjüme sezewar boldy

Suruç etrap we Şanlyurfa welaýat hassahanalarynda bejergi alan ýaralylaryň esasy bölegi öýlerine gaýtdy, 32 sanysynyň bejergisi dowam edýär.
Wise-Premýer Numan Kurtulmuş, İçeri işler ministri Sabahattin Öztürk we Zähmet we sosial üpjünçilik ministri Faruk Çelik bejergisi dowam edýän ýaralylary baryp gördi.
Beýleki tarapdan hüjüm baradaky derňew işi hem giňden dowam edýär.
Bomba ýok ediş hünärmenleri we derňew toparlary tapan delillerini seljerýär.
Derňew işi 4 prokuror tarapyndan alynyp barylýar.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly hem wakanyň bolan ýerine baryp görmek we ýaralananlary soramak üçin Suruç etrabyna gitdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar