Koalisiýa gepleşikleri ýaňadandan başlady

Adalat we ösüş partiýasy bilen Respublikan halk partiýasynyň wekilleri ýaňadandan duşuşdy

383315
Koalisiýa gepleşikleri ýaňadandan başlady

Baýram dynç alyşyndan soň koalisiýa gepleşikleri ýaňadandan başlady.
Adalat we ösüş partiýasy bilen Respublikan halk partiýasynyň wekilleri koalisiýa gepleşikleriniň çäginde ýaňadandan duşuşdy.
Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginde sagat 11.00-da başlan gepleşik 1,5 sagat dowam etdi.
Toparlar koalisiýa gepleşiklerinde ýetilen soňky sepgit barada pikir alyşdy.
Gepleşikden soň beýanat beren Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çelik koalisiýa hökümetiniň gurulmagy we irki saýlawyň geçirilmegi ähtimallygynyň deňdigini aýtdy.
Ministr Çelik öňümizdäki iki günüň dowamynda ylalaşyk gazanylan ugurlar barada iki partiýanyň başlygyna ýörite maglumat beriljekdigini ýatlatdy.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar