60 ýurtda 3 milliondan gowrak adama kömek berdi

Deniz Feneri jemgyýeti Siriýa 15 müň maşgala azyk we geýim kömegini berdi

345386
60 ýurtda 3 milliondan gowrak adama kömek berdi

Deniz Feneri jemgyýeti 20 ýyl ozal remezan güni başlan ynsanperwer kömek işleriniň çäginde 60 ýurtda 3 milliondan gowrak adama kömek berdi.
Deniz Feneri jemgyýeti şu ýyl remezan aýynda Azerbaýjanda, Bangladeşde, Bosniýa-Gersogowinada, Bolgariýada, Ganada, Filipinlerde, Palestinada, Yrakda, Kosowada, Liwanda, Makedoniýada, Pakistanda, Somalide, Şri Lankada, Sudanda, Taýlantda we Ugandada jemi 16 müň adama agzaçar berdi.
Jemgyýet Türkiýede 47 şäherde 40 müň maşgala azyk kömegini berdi, 3 müň adama hem egin-eşik paýlady.
Deniz Feneri jemgyýeti şeýle hem Siriýa 15 müň maşgala azyk we geýim kömegini berdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar