Gresiýa geçmek islän 101 bosgun tussag edildi

Türkiýäniň Çanakgala welaýatynyň Aýwajyk etrabynda bikanun ýollar bilen Gresiýanyň Midilli adasyna gitmek islän 101 bosgun tussag edildi

379848
Gresiýa geçmek islän 101 bosgun tussag edildi

Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň işgärleri bosgunlaryň çiýşirilen gaýyklar bilen Aýwajygyň kenaryndan çykandyklary barada maglumat alanyndan soň operasiýa başlatdylar.

Sebite baran işgärler Kadyrga Burnu we Bademli obasynyň suw giňişiginde gaýyklary duzdurtdy.

Gaýyklardaky owganystanly, pakistanly we siriýaly 101 bosgun Küçükkuýu etrabyna getirildi.

Tussag edilen bosgunlaryň işleri tamamlananyndan soň, öz ýurtlaryna ugradylmak üçin Aýwajygyň Içeri işler ministrliginiň Daşary ýurtly raýatlar bölümine alynyp gidildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar