Erdogan jebislik we bitewilik ýüzlenmesini berdi
Prezident Erdogan türgenler we sungat ussatlary agzaçarda duşuşdy
379526
Prezident Erdogan Stambulda Tarabýadaky Huber köşgünde türgenler we sungat ussatlary agzaçarda duşuşdy.
Prezident Erdogan Türkiýäniň jebisliginiň we bitewiliginiň diňe Türkiýe üçin däl eýsem dünýädäki beýleki ezilen halklar üçin görelde boljakdygyny aýtdy.
Jemgyýet hökmünde Türkiýe Respublikasynyň raýatlarynyň bitewilikde hereket etmelidigini nygtan Erdogan, halk adalgasynyň içinde türkleri, kürtleri, lazlary, çerkezleri, gürjüleri, abazalary we beýlekileri öz içine alýandygyny aýtdy.
Türkiýäniň ähli taraplaýyn güýçlenendigine ünsi çeken Prezident, Türkiýäniň ösüşiniň kimdir birini biynjalyk edýändigini belledi.
Degişli Habarlar
![Yragyň demirgazygynda bäş terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/d540/89ba/e85f/6674081508253.jpg?time=1718923561)
Yragyň demirgazygynda bäş terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Terrora garşy göreş ýurduň çäklerinden daşaryda hem dowam edýär