Koalsiýa gepleşikleri öňümizdäki hepde başlaýar

Premýer ministr 1-nji tapgyryň netijelerine görä 2-nji tapgyry geçirer

379258
Koalsiýa gepleşikleri öňümizdäki hepde başlaýar

Türkiýäniň Premýer ministri Ahmet Dawutogly gepleşikleriň 1-nji tapgyryny Remezan baýramyna çenli tamamlamagy meýilleşdirýär.
Ahmet Dawutogly 1-nji tapgyrdaky ilkinji gepleşiklerini ertir sagat 14:00-da Respublikan Halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly bilen geçirer.
Dawutogly we ýanyndaky wekiliýet sişenbe güni sagat 14:00-da Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli, çarşenbe güni bolsa sagat 11:00-da Halklaryň demokratik partiýasynyň başlygy bilen duşuşar.
Dawutogly 1-nji tapgyrda partiýalaryň ýörelgelerini we berjek wadalaryny diňläp görer.
Premýer ministr 1-nji tapgyryň netijelerine görä 2-nji tapgyry geçirer.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar