Mistura Siriýa üçin ikinji gezek Türkiýä geler

BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan de Mistura Türkiýä gelýär

344638
Mistura Siriýa üçin ikinji gezek Türkiýä geler

BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan de Mistura Ženewadaky Siriýa gepleşikleriniň çäginde ikinji gezek Türkiýä gelýär.
BMG-nyň metbugat geňeşçisi Ahmed Fewzi Siriýa gepleşikleriniň dowam edýändigini we Misturanyň ikinji gezek Türkiýä geljekdigini aýtdy.
Saparyň guraljak wagty barada anyk maglumat bermedik Fewzi, Misturanyň Siriýa gepleşikleriniň çäginde Hytaýa we Russiýa hem sapar gurajakdygyny belledi.
Mistura Siriýaly oppozisionerleriň çakylygyna laýyklykda iýun aýynda Stambula gelipdi we Siriýanyň Milli Koalisiýasynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçiripdi.
Siriýanyň Milli Koalisiýasynyň agzalary hem üstümizdäki aýyň başynda Ženewada BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Mistura bilen gepleşik geçirdiler.
Gepleşikleriň tamamlanmagyndan soň Mistura BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Muna ýörite habarnama hödürlär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar