"Hökümeti gurmak üçin geljek hepde gepleşiklere başlarys"

Dawutogly Konýada agzaçara gatnaşdy

331437
"Hökümeti gurmak üçin geljek hepde gepleşiklere başlarys"

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Adalat we ösüş partiýasynyň Konýada beren agzaçaryna gatnaşdy.
Ahmet Dawutogly 7-nji iýunda geçirlen saýlawdan soň hökümetiň gurulmagy üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.
Türkiýäni galkyndyrjak täze döwrüň başlamagy üçin beýleki partiýalar bilen gepleşiklere başlajakdyklaryny nygtan Dawutogly “Emma gynansakda beýleki partiýalardan entek saýlaw gutaryp gutarmanka gapylaryny ýapanlar boldy”diýdi.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly, Prezident Erdoganyň öňümizdäki hepde özüne hökümeti gurmak jogapkärçiligini bermegi bilen beýleki partiýalar bilen gepleşiklere başlajakdyklaryny aýtdy.
Premýer ministr Dawutogly Adalat we ösüş partiýasynyň Halklaryň demokratiýa partiýasy bilen şäriklik hökümetini gurmagyna oňyn garamaýandygyny belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar