"Serhetde howpsyzlygy üpjün etmek esasy wezipedir"

"Türkiýäniň DAEŞ ýada şuňa meňzeş terror guramalary bilen hiç hili arabaglanşygy ýok"

326219
"Serhetde howpsyzlygy üpjün etmek esasy wezipedir"

Prezidentiň metbugat geňeşçisi İbrahim Kalyn serhetlerinde howpsyzlygy üpjün etmegiň her bir ýurduň esasy wezipesidigini aýtdy.
Ibrahim Kalyn Prezident köşgünde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýanat berdi.
Siriýanyň Tel Abýad we Kobani şäherlerine guralýan hüjümler barada durup geçen Kalyn Türkiýäni terror guramasy DAEŞ bilen bir hatarda görkezmek isleýänleriň bardygyny nygtady.
Kalyn“Türkiýäniň DAEŞ ýada şuňa meňzeş terror guramalary bilen hiç hili arabaglanşygy ýokdyr, asla bolan däldir we mundan soň hem bolmaz. Biziň serhetlerimiziň howpsyzlygyny üpjün etmek üçin görýän çärelerimizi “Türkiýe söweşe girýär, “Türkiýe özüni oda atýar” ýaly söz başylar bilen analiz etmek dogry däl. Her bir ýurduň serhetlerinde howpsyzlygy üpjün etmek, howpsyzlygy üçin çäre görmek onuň esasy wezipesidir” diýip belledi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar