Prezident Erdogan hüjümler zerarly gynanç bildirdi

Erdogan Tunisiň Prezidenti we Kuweýdiň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

321743
Prezident Erdogan hüjümler zerarly gynanç bildirdi

Prezident R. T. Erdogan Tunisiň Prezidenti Al Baji Kaid As Sibsi we Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah Al Ahmed Al Jabir As Sabah bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezident Erdogan Kuweýdiň we Tunisiň liderleri bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde terrorçylyk hüjümler zerarly uly gynanç bildirdi.
Daşary işler ministrligi hem Tunisde birnäçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.
Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda “Türkiýe Tunisiň terrorçylyga garşy alyp barýan göreşine goldaw bermäge dowam eder” diýildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar