Kerri Türkiýe barada öwgüli sözler aýtdy

Mewlüt Çawuşogly Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

321994
Kerri Türkiýe barada öwgüli sözler aýtdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Türkiýäniň çaknyşyklardan gaçan bosgunlara berýän goldawy barada öwgüli sözler aýtdy.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Çawuşogly bilen Kerri telefon söhbetdeşliginde Siriýanyň demirgazygynda başdan geçirilýän wakalar barada pikir alyşdy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Jon Kirby, Çawuşogly bilen Kerriniň terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşiň çäginde döredilen halkara hyzmatdaş güýçleriniň, DAEŞ-iň Siriýanyň demirgazygynda guraýan hüjümlerine garşy göreş meselesi we sebitdäki çaknyşyklardan gaçan bosgunlaryň ýagdaýy barada pikir alyşandygyny nygtady.
Kirby, Kerriniň Türkiýäniň Siriýadaky we Yrakdaky çaknyşyklardan gaçan 2 million bosgun baradaky tutumy hakynda öwgüli sözler aýdandygyny ýatlatdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar