İsmet Ýylmaz Mejlisiň başlyklygyna dalaşgär

Adalat we ösüş partiýasy İsmet Ýylmazy Mejlisiň başlyklygyna dalaşgärlige hödürledi

320796
İsmet Ýylmaz Mejlisiň başlyklygyna dalaşgär

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlisiň başlyklygyna Siwas welaýatyndan halk deputaty İsmet Ýylmazy hödürländigini aýtdy
Merkezi ýerine ýetiriş geňeşiniň mejlisinden soň partiýanyň merkezinde metbugat ýygnagyny geçrien Dawutogly, mejlisinde geçirilen geňeşmeleriň netijesinde İsmet Ýylmazyň dalaşgärlige hödürlenmegine karar berilendigini nygtady.
Dawutogly Mejlisiň başlyklygy meşelisinin koalisiýa hökümetiniň gurulmagynyň bir bölegini emele getirmeýändigini nygtap: “Koalisiýa gepleşikleri mejlisiň başlygynyň saýlawyndan soň we Mejlisiň başlyklyk diwanynyň kesgitlenmeginden soň Hormatly Prezidentimiziň maňa jogapkärçilik bermegi bilen başlar. Häzirki wagta hiç hili resmi gepleşik geçirişmedi. İki taraply pikirler, garaýyşlar beýan edildi” diýdi.
Dawutogly: “İň dogry netijä gelmek ýurdumyz üçin iň bähbitli netijäni çykaryp bilmek üçin mudan soňky işlerimizin depgini güýçlendireris” diýdi.
Respublikan halk partiýasy Deniz Baýkaly, Milletçi hereket partiýasy Ekmeleddin İhsanoglyny, Halklaryň demokratik partiýasy bolsa Dengir Mir Mehmet Fyrady Mejlisiň başlyklygyna hödürläpdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar