Erdogan syýasy partiýalaryň liderlerine çagyryş berdi

“Türkiýäniň geçmişini jedelleşýän däl eýsem, geljegini ýagtyltjak şäriklik hökümeti gurulmaly”

318854
Erdogan syýasy partiýalaryň liderlerine çagyryş berdi

Prezident R. T. Erdogan “Türkiýäniň geçmişini jedelleşýän däl eýsem, geljegini ýagtyltjak şäriklik hökümeti gurulmaly”diýdi.
Prezident Erdogan arçynlar bilen agzaçarda duşuşdy.
“Türkiýäniň geçmişini jedelleşýän däl eýsem, geljegini ýagtyltjak şäriklik hökümetine mätäçligi bar” diýen Prezident Erdogan “İlkinji nobatda ýurduň we halkyň bähbitlerine üns berilmelidigini belledi.
Erdogan syýasy partiýalaryň liderlerini jogapkärçilikli hereket etmäge çagyrdy.
Saýlawyň netijeleri barada garaýyş beýan eden Erdogan, halkyň öz wezipesini ýerine ýetirip saýlawda ses berendigini we mundan soňky etapda syýasy partiýalaryň jogapkärçilikli hereket etmelidigini nygtady.
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen “Prezident köşgi üçin uly çykdajy edilendigi” hakyndaky habarlar barada hem durup geçen Erdogan, öňe sürülýän garaýyşlaryň hakykaty beýan etmeýändigini we diňe töhmetden ybaratdygyny, mesele barasynda kaziýet işiniň gozgaljakdygyny aýtdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar