Erdogan çaknyşyklardan gaçan Siriýalylar bilen duşuşar

Siriýalylar Türkiýä gelmäge dowam edýär

311779
Erdogan çaknyşyklardan gaçan Siriýalylar bilen duşuşar


ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniň Siriýanyň Tel Abýad we Rasulaýn sebitlerine guraýan howa hüjümlerinden we PÝD-nyň basyşyndan gaçan Siriýalylar Türkiýä gelmäge dowam edýär.
Soňky iki hepde-de Türkiýä Siriýaly 23 müň 350 adam geldi.
Prezident R. T. Erdogan Siriýalylaryň ýagdaýy bilen ýakyndan gyzyklanmak üçin Mardin şäherine bardy.
Prezident Erdogan Mardinde BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komisary Antonio Guterresi kabul eder.
Erdogan jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we Mardinli ýaşulylar bilen duşuşar.
Prezident Erdogan Mardiniň Midýat etrabynda wagtlaýyn ýaşaýyş merkezinde beriljek agzaçara hem gatnaşar

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar