Çawuşogly Guterres bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly BMG-nyň Bosgunlar boýunça Ýokary komisary Antonio Guterres bilen duşuşdy

310651
Çawuşogly Guterres bilen duşuşyk geçirdi

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumatlara görä Guterres Türkiýä we türk ýolbaşçylaryna siriýaly bosgunlara berýän goldawlary üçin sag bolsun aýdyp, Türkiýäniň Açyk gapylar syýasaty üçin örän minnetdardygyny bildirdi.
Türkiýä guran saparynyň Halkara guramalaryň bosgunlar meselesine dykgat bermegi taýdan wajypdygyny aýdan Guterres bosgunlar meselesiniň her geçen gün has hem erbetleşýändigini we şol sebäpli Türkiýäniň Mardin welaýatynda etjek çykyşy bilen Halkara guramalaryň ünslerini özüne çekmegi maksat edinýändigini nygtady. Antonio Guterres BMG-nyň Bosgunlar boýunça Ýokary komisarlygy hökmünde ellerinden gelenini gaýgyrmajakdyklaryny belledi.
Çawuşogly Tel Abýaddaky ýaragly çaknyşyklar sebäpli Türkiýe gelýän bosgunlar we ol ýerde bolup geçen soňky wakalar barada Guterrese maglumat berdi.
Ministr Çawuşogly esasan hem bosgunlaryň çagalarynyň gyssagly ýagdaýda mekdeplere ýerleşdirilip, bilim berilmäge başlanmalydygyny we bu babatda Halkara guramalaryň goldawynyň wajypdygyny habar berdi.
Mewlüt Çawuşogly Türkiýede 2016-njy ýylyň 26-27-nji maý aralygynda Bütindünýä Gumanitar sammitiniň geçiriljekdigini we BMG-nyň Bosgunlar boýunça Ýokary komisarlygynyň ol geçiriljek sammitinde çykyş edip biljekdigini nygtady.
Duşuşykda Arakanly musulmanlar ýagny rohingýalylar meselesi hem ara alynyp maslahatlaşyldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar