Prezident Erdogan Azerbaýjana gitdi

Erdogan saparynyň çäginde Aliýew we Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşar

302098
Prezident Erdogan Azerbaýjana gitdi

Prezident R. T. Erdogan 1-nji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwa gitdi.
Erdoganyň uçary ir sagat 8-00-da Esenboga howa menzilinden Azerbaýjana uçdy.
Prezident Erdogan saparynyň çäginde ilki Azerbaýjanly kärdeşi Ilham Aliýew we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşar.
Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşýan myhman liderleriň hormatyna berjek günorta naharyna gatnaşar.
Prezident Erdogan Türkiýe wagty bilen sagat 18-00-da 49 ýurtdan 6 müňden gowrak türgeniň gatnaşmagynda geçiriljek 1-nji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar